DANALARDAN PAÝHAS DÄNELERI

Saglyk isleseň – köp iýme, hormat işleseň – köp diýme.

***

Iýeniň – az, saglygyň – saz.

***

Jan saglygynyň ýüzi geljege, kynçylyklaryňky bolsa, geçmişe sarydyr.

***

Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok.

***

Bar zadyň sakasy saglyk.

***

Saglyk hemişe ýanyňdaky hazynaňdyr.

***

Saglyk – baýlykdan gymmatly.

***

Saglygym – baş baýlygym.

 

Toplan: Akjagül AMANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Öňki makala

ÝAŞLAR – ULY GÜÝÇ

Indiki makala

GYZ GÖRKI EDEPDE

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 157 okalan

GELJEGIŇ BINÝADY — ÝAŞLARYŇ SESI

07 Noýabr 2025 | 265 okalan

BILIMLI ÝAŞLAR – WATAN DAÝANJY

07 Noýabr 2025 | 212 okalan

ŞU GÜNE BUÝSANÇ, ERTIRE YNAM