Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesil kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt», «Edep başy — dil», «Edepli ile ýarar» diýen halkymyz terbiýä möhüm ähmiýet beripdir. Çünki terbiýe jemgyýetiň arassalygyny, sazlaşygyny, ýaş nesliň ahlak ýörelgelerini üpjün etmekde uly ýardam berýär.
2024-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan gurnalan ýokary okuw mekdebimiziň talyp gelin-gyzlaryň arasynda «Gyz görki edepde» atly edep-terbiýe ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmen halysynyň milli muzeýiniň eksponatlarynyň baş goragçysy Ogulsapar Çarybaýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Jeren Baltaýewa, Maýa Halykberdiýewa, Göwher Saparmyradowa, Bagtygül Hojageldiýewa çykyş edip, zenanlarymyza mahsus bolan edep-ekramy, el hünärleri, ahlak kadalary, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlary mynasyp dowam etdirmek, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, zähmetsöýerlik, milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek we ösdürmek barada bellediler.
Türkmen gelin-gyzlaryna mahsus üme dessurynda zenan terbiýesiniň özboluşly görnüşi ussatlyk bilen açylýar. Ümä üýşen gyzlar enelerimiziň asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren maşgala mukaddesligi, edep kadalary, terbiýe mekdebi, milli sungatyň özboluşlylygy bilen ýüzbe-ýüz bolupdyrlar.
Ata-babalarymyz «Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — gyzylly öý», «Gyz edebi — gyzyl gül» ýaly nakyllary döredip, gyzlaryň edep-terbiýesine aýratyn üns berip, gyzlary el işlerine gözükdiripdirler. Ene-mamalarymyzyň gyzlarynyň eliniň çeper bolmagyndaky aladalary ýerine düşüpdir. Çünki her bir ýaş gyz ertirki gün bir öý-ojagyň keşigini öz egnine almaly enedir. Türkmen gyzynda çagalykdan uýat-haýalylyk, edep-terbiýelilik, agraslyk, maşgala ojagyna, il-gününe wepadarlyk, kanagatlylyk, sabyr-takatlylyk, az sözlülik, mylaýymlyk, sypaýylyk ýaly ahlak sypatlary we gylyk-häsiýetleri bilen bilelikde zähmetsöýerlik, gaýratlylyk, öý-hojalyk işlerine ezberlik, el işlerine ussatlyk terbiýelenipdir. Şeýlelikde, çeper gelin-gyzlarymyzyň nepislik bilen döredilen el işleri sungat derejesine ýetipdir.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Durasyň geler” diýen goşgusynyň:
Gözel bardyr, gözellerden zyýada,
Onuň hyzmatynda durasyň geler.
Edepli, erkanly, mylaýym zada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.
diýen setirlerinde gelin-gyzlaryň akylly, pähimli, edepli, hormat-sylagly bolmaklary hakynda örän çeper beýan edilýär.
Ene gyz çagasyny terbiýelände zenan ahlagy, terbiýesi hakynda alada edýär. Özüniň oňat, ýagşy hereketlerini gyzyna geçirýär. Oňa gyz maşgalanyň özüni alyp barmak endiklerini yzygiderli ýatladyp durýar, gyz maşgalanyň ýaş aýratynlygyna laýyklykda oňa dürli zähmet endiklerini öwredýär. Şeýlelikde, gyz çaga enesine meňzejek bolýar, ondan görelde almaga çalyşýar. Bu babatda «Ejesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de biýzini» diýen nakyl hem bar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gelin-gyzlarymyz bimöçber hormat-sarpanyň eýeleridir. Ösüşlere beslenýän döwrümiziň edep-ekramly, elleri hünärli zenanlary asyrlaryň dowamynda kämilleşen asylly ýörelgelerimizi mynasyp ösdürip, köpöwüşginli milli miraslarymyzyň naýbaşy eserlerini döredýärler.
Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.