Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli, bu guramanyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu hormatly ada mynasyp bolan ýaşlaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik:
Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy hakydamda baky orun aljak, bagtly pursatlary bagyş etdi. Ýurdumyzyň zehinli, öňdebaryjy, ukyp-başarnykly ýaşlarynyň arasynda adymyň tutulmagy diýseň ýakymly duýgy. Bu abraýly baýraga mynasyp bolmak bagtynyň maňa nesip edenine begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Bizi ajaýyp günleriň gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ylham GURBANALYÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň ýaşaýjysy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:
Her bir güni bagtyýarlyga beslenýän Watanymyzyň şu güni meni hem bagtdan paýly etdi. Sebäbi bu gün maňa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak miýesser etdi. Munuň üçin meniň begenjim, buýsanjym çäksiz. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesle, ýaşlara berilýän üns, döredilýän mümkinçilikler günbe-günden artýar. Şu ajaýyp pursatda ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimden sagbolsun aýdýaryn.
Taýýarlan: Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.