ARZUWLARY WYSALA GOWŞAN ÝAŞLAR

     Tapawutlanmak, sylaglanmak – uly bagt. Onda-da ata Watanyň, ýurduň hormatly Prezidentiniň adyndan sylaglanmak, diňe hormata mynasyp bolmak manysyndan has çuň mazmuna, has uly jogapkärçilige we belent ynama eýedir.

     Ine, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 16-njy noýabrynda – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu arzyly, abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň hatarynda mekdep okuwçylaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň talyplarydyr ýaş mugallymlary-da, dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenler-de, ylmy-barlag işlerini alyp barýan ýaş alymlar hem bar. Olardan käbirleriniň ýürek buýsançlaryny size ýetirýäris.

 

Gurban Myradow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky “Arkadagly Ýaşlar” atly elektron žurnalynyň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

“Yhlasa-myrat” diýlişi ýaly, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly meniň durmuşymda ähli yhlasymyň ýerine düşüp, maksatlarymyň hasyl bolan ýyly boldy. Çünki bu ýyl men Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşige gatnaşyp, “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi” diýen hormatly ada mynasyp boldum. Şeýle hormatly ada mynasyp bolmagym meni has-da döredijilikli zähmet çekmäge höweslendirdi. Şu pursatda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň kämil şahsyýetler hökmünde kelama gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.

 

Döwran MYRADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi:

     Sözümiň başynda biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimden köp sagbolsun aýdasym gelýär. Ine bugün maňa hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp bolmak bagty nesip etdi. Şeýle baýraga mynasyp bolmagym meni has-da yhlasly okamaga, ökde hünärmen bolup ýetişip, halal zähmet çekmäge, ýurdumyzyň ýetýän belent sepgitlerini wasp edýän täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar.

 

Daýanç Annadurdyýew,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Watanyň durmuşyna yhlasly gatnaşandygy hem-de Türkmenistanyň ösüşine şahsy goşandyny goşandygy üçin ýurduň başlangyçlary bilen çykyş edýän, zehinli we aýratyn tapawutlanan ýaşlara her ýyl gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmak bagty maňa-da nesip etdi. Ylmy işgär hökmünde bu ýokary baýraga mynasyp bolmagym meni täze ylmy gözleglere, yhlasly we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Ýaşlaryň döwrebap ylym­bilim almagy, hünär eýesi bolmagy, zähmet çekmegi, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlaryň alkyşlary çäksizdir.

 

Taýýarlan Azady MYRADOW,

TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2024 | 1077 okalan

KALBYMYZ JOŞ ALÝAR

29 Noýabr 2024 | 451 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 170 okalan

ASUDALYGYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY