Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Berkararlyk etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda ene-mamalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-kadalarymyzy, ruhy medeni, milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, ahlak taýdan arassa, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer ýaşlary kemala getirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärä Berkararlyk etrap häkimliginiň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Berkararlyk etrap Geňeşiniň işgärleri hem-de ýaşuly ene-mamalar gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler ene-mamalarymyzyň çeper el hünärini dowam etdirmek, dünýä ýaýmak bu günki gün her bir ýaş nesliň mukaddes borjy bolup durýandygy barada täsirli çykyşlar etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar gadymy hem-de baý mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge, olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýgül MELÄÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.