Ýaşlyk - durmuş derýasynyň ilkinji tolkuny, ömrüň ir säherki şapagynyň nurlary. Bu döwür, edil täze açylan güller ýaly päk, edil daňyň arassa şemaly ýaly täze. Her bir gün - täze başlangyçlaryň, täze açyşlaryň we täze umytlaryň gapysy. Ýaşlyk döwri edil bahar paslynyň tebigatda döredýän gudratly üýtgeşmeleri ýaly, ynsan durmuşynda hem iň täsirli pursatlary döredýär. Her gün täze mümkinçilikleriň gül ýaly açylýan wagty. Her säher bilen durmuş sahnamyzda ýene bir täze perde açylýar.
Ýaş ýürekler edil täze çykan çeşme ýaly arassa. Şol çeşmäniň suwy ýaly päk duýgular we arzuwlar kalbyň küýsegini döredýär. Bu döwürde her bir pursat gymmatly, her minutyň öz many-mazmuny bar. Ýaşlykda ynsan edil ganatly guş ýaly, belent maksatlara tarap ganat gerip bilýär. Bu döwürde ynsanyň energiýasy çäksiz, güýç-kuwwaty bolsa deňsiz-taýsyz. Edil bahar pasly ýaly, ýaşlyk hem ynsan durmuşyna täze dem, täze güýç berýär. Her bir ýaş ynsanyň öňünde müňlerçe ýol, müňlerçe mümkinçilik açyk. Bu ýollaryň haýsysyny saýlamalydygy, haýsy mümkinçiliklerden peýdalanmalydygy - bu ýaş ynsanyň elinde.
Ýaş ynsan öz durmuşynyň binýadyny gurýar. Edil ökde gurluşykçy ýaly, bu binýady berk we ygtybarly etmeli. Her bir edilýän hereket, her bir çözgüt - geljekki ömrüň düýp daşlary. Ýaşlyk döwri - durmuş mekdebiniň iň möhüm synpy. Bu synpda alynýan sapaklardyr tejribeler ömürlik ýatda galýar. Her bir ýalňyşlyk - täze sapak, her bir üstünlik - täze güýç. Ýaşlykda gurlan dostluklar, alnan bilimler, öwrenilen başarnyklar - bularyň ählisi, geljekki durmuşyň esasy serişdesi. Şonuň üçin bu döwürde her bir pursatdan netijeli peýdalanmaly.
Ýaşlygyň gadryny bilip, ony paýhasly geçiren ynsan, geljekde hiç haçan ökünmez. Çünki bu döwrüň her bir pursadyny many-mazmunly geçirmek - geljekki üstünlikleriň, bagtyýarlygyň we kanagatlanmanyň esasy açarydyr.
Arazdurdy GOŞJANOW,
Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň
5-nji orta mekdebiniň mugallymy
TMÝG-niň Etrek etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.