Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige we döredijilige ýugrulan döwlet syýasaty milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmäge, dünýä ykdysady giňişligine özara bähbitli esasda goşulyşmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş syýasaty özünde milli agzybirlik we ynsanperwerlik ýörelgelerini hem-de öňdebaryjy bütindünýä ösüş meýillerini inçeden sazlaşdyrýar. Sanly tehnologiýalar hem şunuň ýaly ileri tutulýan ösüş meýilleriniň hataryna girýär.
Jemgyýetçilik we döwlet dolandyryş ulgamlarynyň ähli ugurlaryna barha giňden ornaşdyrylýan sanly iş usullary, elektron aragatnaşyk serişdeleri häzirki zaman durmuşymyzyň durnukly mazmunyny we hilini düýpgöter özgerdýär. Öňdebaryjy sanly tehnologiýalar baradaky bilimleri ilat arasynda ýaýratmak işi bilim, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda we beýleki ugurlar boýunça giň gerim bilen alnyp barylýar. Sanly bilim häzirki zaman ösüş şertlerinde şol sanda, zähmet bazarynda öňe sürülýän talaplara laýyk gelmegiň möhüm şertine öwrülýär.
Milli ykdysadyýetiň her ýylda depginli ösmegi, makroykdysady durnuklylyk, pudaklarda gazanylýan ösüşler raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, hususan-da olaryň girdejilerini yzygiderli artdyrmaga, adam maýasyny ösdürmäge we şahsy başarnyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär. Durmuş-ykdysady ösüşiň baş ýörelgeleriniň esaslandyrylmagy innowasion hereketleri, ylmyň özara utgaşdyrylmagynda häzirkizaman giň pikirlenişi talap edýär. Bu babatda ylymda çaklaýyş derňewi we öňünden görmeklik häzirki wagtda ýokary tehnologik usullaryň biri bolmagynda galýar we uly ähmiýete eýe bolýar.
Häzirki döwürde ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeliligini bar bolan ykdysady çeşmeleriň hasabyna ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Durmuş ugurly ykdysady syýasata laýyklykda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany geljekde ösdürmek we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak ýolundan ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Umumymilli, Prezident we döwlet maksatnamalarynda bellenen ähli çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde ýeterlik derejede ösen ählumumy ykdysady giňişlige has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Arzuw BABAÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.