ÝAŞLAR GAZET-ŽURNALLARA ABUNA ÝAZYLÝARLAR

     Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda neşir edilýän gazet-žurnallary halk köpçüligi bilen bilelikde ýaşlar hem uly höwes bilen okaýarlar. Olardaky Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri hakda söhbet açýan makalalar, habarlar, ýurdumyzda bolup geçýän täzelikler we beýleki gyzykly maglumatlar ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň, edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň işgärleri, Ýaşlar guramasynyň agzalary 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin gazet-žurnallara ilkinjileriň hatarynda abuna ýazyldylar.

     Etrabymyzyň ýaşlarynyň arasynda gazet-žurnallaryň çap edilýän görnüşinden başga-da, elektron görnüşine hem höwes bilen ýazylanlaryň sany az däl., «Türkmenistan», «Ahal durmuşy», «Nesil» gazetleri, «Zenan kalby», «Güneş»  žurnallary biziň aýratyn höwes bilen okaýan neşirlerimizdir. Şeýle bolansoň, bu möwsümde hem agzalan neşirlere abuna ýazyldyk.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň ýaşlaryň söýgüli neşirine öwrülendigini guwanç bilen bellemek ýakymly. Biz — bagtyýar ýaşlar «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň her bir sanyny «Türkmenmetbugat» web-saýtynyň hem-de onuň mobil goşundysynyň üsti bilen ýükläp alýarys we okaýarys.

 

Jeýhun SAPARGULYÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

DIL ÖWRETMEGIŇ DÖWREBAP TAGLYMATY

20 Noýabr 2024 | 2 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK