TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, şeýle hem «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Medeni miras» atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar halkymyzyň ýurdumyzda asuda hem-de eşretli zamanada ýaşamagy, ýurdumyzyň ösüşi, özgerişi we dünýä derejesinde tanalmagy, at-abraýynyň has-da belende galmagy, bu günki gün türkmen iline şygryýet äleminiň beýik ussady, «Berkarar döwlet islärin» diýen Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasynyň geldigi.

     Magtymguly Pyragy beýik akyldar şahyr, watançy hem söz äleminiň zergäri hökmünde türkmen halkyny agzybirlige, asudalyga, parahatçylyga we gaýratlylyga çagyran halkyň ruhy ganatydygy, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdigi barada buýsançly çykyşlar gepleşigiň esasy mazmunyny düzdi.

     Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan, türkmen edebiýatyny dünýä derejesinde wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Didar GELDIÝEW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 151 okalan

GELJEGIŇ BINÝADY — ÝAŞLARYŇ SESI

07 Noýabr 2025 | 264 okalan

BILIMLI ÝAŞLAR – WATAN DAÝANJY

07 Noýabr 2025 | 209 okalan

ŞU GÜNE BUÝSANÇ, ERTIRE YNAM