ÝAŞLARYŇ DÖREDIJILIGINDE MIRASYŇ ÖWÜŞGINI

     Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda medeniýet we sungat ulgamlarynda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

     2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda “Gujurly ýaşlar” atly talyplaryň we uçurymlaryň döredijilik işleriniň sergisiniň açylýandygy hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

     Bu sergide nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, halyçylyk, zergärçilik, keramika, sungaty öwreniş ugurlaryndan başga-da,  dizaýn işlerine degişli täze taslamalaryň nusgalary görkeziler.

     Medeniýetiň ösüşiniň ähli döwürleriniň dowamynda adam öz durmuşyny gözelleşdirmäge, daş-töweregini gurşap alan zatlary – jaýyny, egin-eşigini, gap-gaçlaryny, zähmet gurallaryny owadan edip ýasamaga çalşypdyr. Dizaýn eserlerinde döwrebap tehniki we estetiki başlangyçlary göz öňüne tutulyp, daş-töweregimizdäki zatlar dünýäsini taslamalaşdyrmakda dürli önümleri, jaýyň içki bezegini, web-dizaýny, landşaft dizaýny we adamyň döredijilik işiniň ähli görnüşleri ýerine ýetirilende, köplenç, alyjynyň talabyna laýyklykda owadanlygy we peýdalylygy özünde jemleýär.

     Dizaýn kafedrasynyň talyplary sergä Jumageldi Amangeldiýewiň, Amanmyrat Modyýewiň, Baýram Bazarowyň, Muhammet Baratowyň, Arslan Atahanowyň, Ata Mohammad Ahmediň ýolbaşçylygynda taýýarlanylan jemgyýetçilik binalaryň taslamalaryny, jaýyň içki görnüşiniň bezegine niýetlenen suratlary we özboluşly bezegi bilen tapawutlanýan çyralar, milli hem-de döwrebap biçüwli zenan lybaslary tomaşaçylara hödürlärler.

     Häzirki zaman sungatynda özüniň täsin eserleri bilen tanalýan Amanmyrat Modyýew şu ýylyň “Gujurly ýaşlar” sergisine hem dizaýn kafedrasynyň 3-nji ýyl talyplary Bibihatyja Mekanowanyň, Ogulsuraý Saparmyradowanyň, Elmira Atajanowanyň, Laçyn Hojanyýazowanyň ýaly şägirtleriniň “Mirasyň öwüşgini” atly toplumlaýyn işlerini aýratyn bellemäge mynasypdyr.  Türkmen dokmaçylyk sungatynyň taryhyny wasp edýän eserlerde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýinde saklanylýan XIX–XX asyrlara degişli bolan  ýaşyl we sary çyrpylaryň, torbanyň we saçagyň eksponatlarynyň nagyşlaryny taslama çözgüdinde peýdalanylyp, eserde gyzyl, ýaşyl, sary, gök, goňur reňkleriniň dürli öwüşginleriniň sazlaşygyny şekillendiripdirler. Ýiti synçy nazary bilen döredilen milli mirasymyzyň estetiki gözelligini natýurmort žanrynda çekilen taslamalary düzmekde birinji meýilnamasynda dürli geometrik şekilleriň üsti bilen dizaýna mahsus güýçli depgini şöhlelendirýän bolsalar, yzky meýilnamasynda milli nagyşlaryň kömegi bilen deňagramly sazlaşygy duýup görkezipdirler. Şeýlelilik-de, ýaş dizaýnerler kubizm stiliniň we türkmen amaly-haşam sungatynyň arabaglanyşygyny çeper serişdelerinde suratlandyrypdyrlar.

     Sergide görkeziljek gujurly ýaşlaryň eserleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda döredilen sungatyň döwrebap we milli äheňleriň sazlaşygy bolup, geçmişden geljege barýan ýollaryň dowamy dowam boljakdygyny şübhesizdir.

 

Sähragül BAÝRYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar