Watana bolan söýgi, onuň tebigatyna bolan söýgüden başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda daşky gurşawy goramak we tebigata aýawly çemeleşmek, ýaşlaryň ekologiýa bilimi artdyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Dürli ýurtlarda ekologik bilim bermek boýunça amala aşyrylýan işler BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan utgaşdyrylýar. Gurama ählumumy ekologik bilimiň mekdebe çenli edaralardan başlap, ýokary okuw mekdeplerine we hünärmenleri gaýtadan taýýarlaýan ulgama çenli okuw maksatnamalarynyň merkezinde bolmalydygyny belleýär. ÝUNESKO-nyň tebigy ugur boýunça alyp barýan işleriniň hataryna «Adam we biosfera» maksatnamasy we bu ulgama bagly Konwensiýalary degişlidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa bilimi ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Ekologik terbiýe meselesine üns bermek bilen, okuw dersleriniň çäginde ekologiýa dersini içgin öwretmek, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak babatda berilýän bilimi ýokarlandyrmaga ýardam berýän ýörelgeler hil taýdan kämilleşdirilýär. Ekologik medeniýetiň esasy maksatlary jemgyýetiň, aýratyn-da, ýaş nesliň ekologik düşünjesini, terbiýesini kämilleşdirmekden, tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň tejribesini ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle çäreler adamyň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini kemala getirmäge, abadan durmuşy üpjün etmäge, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny ýola goýmaga ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan, şu gün Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binýadynda hereket edýän ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda «Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ekologik bilimini kämilleşdirmekde täze usuly çemeleşme» atly onlaýn maslahat geçirildi. Geçirilen maslahata Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň halypa mugallymlary, «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalary bolan magistrantlar we dilçi talyplar hem gatnaşdylar.
Bu onlaýn maslahatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli Bilim institutynyň hünärmenleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alymlarydyr professor mugallymlary, şeýle hem talyplar çykyş etdiler. Maslahatda edilen çykyşlarda tebigata aýawly çemeleşmek, Aral deňzi meseleleri we daşky gurşawy gorap saklamak we bu ugurda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berildi.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň referenti Aýbölek Kakabaýewa maslahatda eden çykyşynda ýurdumyzda ýaşlaryň ekologiýa bilimini we sowatlylygyny ýokarlandyrmak meselesi boýunça ýörite ÝUNESKO kafedrasynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hereket edýändigini bellemek bilen, Belarus döwlet uniwersitetiniň Halkara Sakharow Ekologiýa institutynyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynda tagallalary birikdirip, türkmen ýaşlarynyň ekologiýa baradaky taslamalaryny, ylmy gözleglerini has-da giňeltmekde bu işlere çekip boljakdygyny giňişleýin beýan etdi. Şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubynyň başlygy, institutyň ilkinji zenanlar guramasynyň ýolbaşçysy Ogulsabyr Berdiýewa öz çykyşynda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşandygyny, ekologiýa aýawly çemeleşýändigini Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplaryndan eriş-argaç bolup geçýän dürdäne pähimleriň üsti bilen giňişleýin beýan etdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabyndaky «Daşky gurşawy goramak we ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, biz häzirki döwürde sebit we dünýä ähmiýetli işleri amala aşyrýarys. Ekologiýa babatda kanunçylyk namalarymyzy yzygiderli kämilleşdirýäris» diýen dürdäne jümleleri ekologiýa aýawly çemeleşmek we ony ýaş nesle wagyz etmek babatda alnyp barylýan işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär.
Şeýle-de maslahatda edilen çykyşlarda talyplara ekologiýa bilimi bermekde elektron kitaplaryň we elektron gollanmalaryň, türkmen ülkesiniň gözel keşbini gorap saklamagyň ähmiýeti barada hem giňişleýin maglumat berildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň mynasyp durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň belent sepgitleri nazarlaýandygyny aýdyň beýan edýär.
Onlaýn maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy asyda, parahat durmuşda ýaşadýan, ýaşlaryň ekologik bilimi kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Yhlas NAZARGYLYJOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,
«Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzasy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.