ÝAŞLAR – ÝURDUŇ GELJEGI, ÝAŞLYK ÖMRÜŇ GÜLŞENI

Aý yzyna aý, ýyl yzyna ýyl sepleşip, asyrlary emele getirýär. Ynsan ömrüniň hörpi-de şoňa kybapdaş. Şol ömürde esasy ýatda galyjy pursatlaryň aglabasy ýaşlyk döwrümize degişlidir. Çünki ýaşlyk – ynsanyň ýagşy umytlarynyň serweri. Hut şol umyt bilen her bir ynsan öz geljegine nazar aýlaýar. Ýaşlykda kämil hünäriň eýesi bolup, ata Watanymyzyň ösüşlerine önjeýli goşant goşmak bolsa biziň «bagt» diýip atlandyrýan düşünjämiz. Şeýle bagtdan mynasyp paýymyzy alyp ýaşamak üçin bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, täze ýaş zehinleri ýüze çykarmak, üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen geçirilýän dürli bäsleşikler hem muňa aýdyň mysaldyr.

Şu nukdaýnazardan, şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Ýaşlar – ýurduň geljegi, ýaşlyk ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşigiň şertine laýyklykda, hödürlenen eserleriň döwrebaplygyna, çeper beýan ediliş, žanr aýratynlygyna üns berlip, ýaşlaryň döreden goşgularynyň, hekaýalarynyň we makalalarynyň içinden iň gowulary saýlandy. Bäsleşigiň jemine görä, ýeňiji diýlip yglan edilen döredijiligiň ýaş wekillerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşanlar zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, aýdyň maksatly tutumly işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU