Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzyň etraplarynda geçen bäsleşiklerde ýeňiji bolan ruhubelent çagalar gatnaşyp, özleriniň zehin-başarnyklaryny görkezdiler.
Okuwçy oglanlar sahnada bäsleşigiň şertlerini ýokary derejede berjaý etmek bilen, özleriniň şadyýan çykyşlary bilen giň zaly dolduryp oturan deň-duşlaryna uly şatlyk paýladylar. Olaryň joşgunly aýdym-sazlary güneşli Diýarymyzyň, beýik döwrümiziň, bagtyýar çagalygyň waspy bolup, kalplary heýjana getirdi.
Bäsleşigiň emin agzalary bagtyýar çagalaryň çykyşlarynyň her birine mynasyp baha berip, ýeňijileri kesgitlediler. Şeýlelikde, şadyýan bäsleşikde Tejen etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Kemal Hudaýberdiýew birinji, Gökdepe etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Halylmyrat Kakadurdyýew ikinji orny eýeläp, jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşyjylar we ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi tarapyndan sylaglandylar.
Güljemal ATDAÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.