Mälim bolşy ýaly, BMG-niň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär, şeýle-de dünýäde ylalaşdyryjy merkezleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy halkara giňişliginde halkymyzyň belent ynsanperwerligini äleme äşgär edýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlarynyň goldanylýandygyny tassyklaýar.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň ikinji gezek biragyzdan kabul edilmegi bolsa, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Hemişelik Bitaraplyk — munuň özi umumylykda ykrar edilen hukuk ýagdaýydyr. Bitaraplyk syýasaty belent maksatdyr, ynsanperwerlikdir, ol döwletiň howpsuzlygyny ýurdy harby hereketlere goşulmakdan saklamak arkaly üpjün etmegiň usulydyr. Ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy aňladýan hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly orun eýeleýän ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalarynyň işlenip taýýarlanmagyna ýardam berýär.
Türkmenistan öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen, parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk, özara düşünişmek ýaly binýatlyk ölçeglere turuwbaşdan ygrarly bolup gelýär.
Şu ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etmegi, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, özara düşünişmäge esaslanýan daşary syýasy ugrunyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýer ýüzünde parahatçylygy dabaralandyrmakda beýik başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Öwezgeldi ATAGELDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap
kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.