Ýakynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenijileriň arasynda yglan edilen «Asyrlara ýörelge – nesillere görelde» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy ady äleme dolan türkmen akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň şanyna geçirilýän çäreler bilen utgaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» – diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzy gaýtadan dikeltmek, olary ylmy esasda çuňňur öwrenmek, ösdürmek, gorap saklamak, şonuň esasynda kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda tutumly işler alnyp barylýar.
Türkmenistan Watanymyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk meşhur halylaryň, şaý-sepleriň, zergärçilik, külalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň gadymy mekanydyr. Taryhy döwürlerde medeni ösüşleri başdan geçiren bu gadymy toprakda milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir.
Milli gymmatlyklarymyzyň taryhy ähmiýetini dünýä ýaýmak baradaky oňyn ýörelgelerinden ugur alyp, milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar däp-dessurlar, yrymlar, milli toýlar, baýramçylyklar, halk çeperçilik sungaty, milli hünärmentçilik, halk tejribesi, iýmit taýýarlamak we saklamak, kärizleri gazmak we durkuny saklamak, guýulary gazmagyň usullary, durmuş hajatlary üçin serişdeleri öndürmek, ak öý gurmak we haşamçylyk sungaty, halk tebipçiligi we derman otlaryň peýdalanylyşy, derman otlary ýygmagyň we saklamagyň, boýaglyk ösümlikler we olardan boýag almagyň hem-de milli lybaslaryň görnüşleriniň taýýarlanyş usullary ýaly ugurlary boýunça özara bäsleşdiler.
Bäsleşigiň şertine laýyklykda, maddy däl medeni mirasyň görnüşleri barada hödürlenilen maglumatlarda şol görnüşleriň many-mazmuny, ýerine ýetirilişi hem-de ýasalyş usullary doly beýan edildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» geçirilen bu döredijilik bäsleşigi, ýaşlaryň zehin başarnyklaryny, hyjuw-hyýalyny ýokary galdyrmakda, döredijilik işlerine we milli mirasymyza bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Geçirilen bu döredijilik bäsleşigiň netijeleri boýunça jemi 10 sany baýrakly we 5 sany höweslendiriji orunlar kesgitlenildi.
Ýeňiji bolanlara we oňa işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň baý mirasyny öwrenmekde we olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýä ýaýmakda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, aýdyň maksatly tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Näzik ATAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.