Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan gelýän döwletlilik ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berlip, olaryň barha rowaçlanmagy ugrunda tagallalar edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 25-nji noýabrda geçiren iş maslahatynda bu babatdaky tagallalar aýdyň ýüze çykdy. Gahryman Arkadagymyz iş maslahatynda eden çykyşynda ata-babalarymyzyň paýhasy siňen halkymyzyň döredijiligi döwletlilik hasaplaýandygy hakda bellemek bilen, «Halkymyzda «Geçmişi bolmadygyň – geljegi bolmaz» diýilýär. Hemişe milliligimizi unutman, ata-babalarymyzyň ýoluna eýermelidiris, şol bir wagtda döwür bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip aýtdy. Bu jümlede terbiýeçilik ähmiýetli uly we çuň many bar. Bizi begendirýän zatlaryň biri-de iş maslahatynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadynda – dynç alyş günlerinde döredijilik işleri bilen meşgul bolandygyny we täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny, bu kitaba «Hakyda göwheri» diýip at goýandygyny aýtmagy boldy. Bu şatlykly habar joşgunly kalbymyzy has-da heýjana getirdi. Hormatly Arkadagymyz «Hakyda göwheri» diýip atlandyran kitabynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary ýerleşdirendigini aýratyn belläp geçdi. Munuň özi täze kitaba bolan gyzyklanmany artdyrýar. Berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Baýramgeldi BABAÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.