Häzirki wagtda sportuň döwlet syýasatynda aýratyn ileri tutulmagy we bu ugurda durmuşa geçirilýän ähli oňyn çäreler halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, sagdyn nesli kemala getirmäge gönükdirilendir. Bu babatda maksatnamalaýyn we toplumlaýyn işler giň gerimde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sport ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde, halkymyzyň sagdyn we bagtyýar ýaşaýşy üpjün edilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerýän her bir raýatymyz sporty we bedenterbiýäni özleriniň durmuş ýörelgesine öwürýär. Munuň özi, jemgyýetimizde sagdyn nesilleriň kemala gelmegine uly ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli we sagdyn ruhly bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa, kämil nesilli jemgyýetiň kemala gelmegini şertlendirýär. BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde barha ösdürilýär. Türkmenistanyň 2023 – 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy hem, bu ugurda anyk we netijeli ädimdir. Şunlukda, ýurdumyz üçin wajyp ähmiýete eýe ugur bolup durýandygy bilen baglylykda, bu babatda halkara sport hyzmatdaşlygyny alyp barmaga giň ýol açylýar. Munuň şeýledigini, hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletlerine amala aşyrýan resmi saparlarynyň maksatnamasynda sportuň hem beýleki pudaklar bilen bir hatarda, aýratyn orun almagy aýdyň görkezýär. Bu bolsa, milli sportumyzy ösdürmegiň kämillik ýolunda dünýäniň ösen isleglerinden we talaplaryndan ugur edinýän halkara sport giňişligine aralaşmak üçin zerur bolan halkara tejribelerini öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Bu babatda milli tejribämizi dünýä tejribesi bilen sazlaşykly ýola goýmak esasy maksat bolup durýar. Bu maksat häli-şindi geçirilýän halkara ýygnaklarynda, daşary syýasy geňeşlerde ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň biriniň sport ulgamydygy bilen şertlendirilýär.
Ýaşlar saglygyny berkitmekde döwletimiziň ýeňillikli mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanýarlar. Şeýle mümkinçilikler dogrusynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda» hem aýratyn bellenilýär.
Sport babatdaky öňe sürülýän asylly ýörelgeler hem, şeýle belent maksatlary ugur edinýär. Maksat — türkmen sportuny dünýä çykarmakdan, onuň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakdan ybaratdyr. Biz – ýaşlara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Mähri MALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.