BELENT SARPANYŇ NYŞANY

     Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen soňky döwürde dünýäde ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanma has-da artýar. Häzirki döwürde köp ýurtlarda atçylygy, bu pudagyň ylym we okuw binýadyny, atçylyk sport toparlaryny galkyndyrmaga uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmen atçylyk däpleri, atlary türgenleşdirmegiň milli mekdebi ýokary derejeli ussatlaryň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyzda tohum atlarynyň baş sanyny köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, milli atşynaslygyň halkara atçylyk pudagyna ýakynlaşmagyna, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, halkara atçylyk sportunda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip bilýän ussat çapyksuwarlaryň taýýarlanylmagyna, halkymyzyň gadymy däplerinde ýaş nesilleriň terbiýelenilmegine uly üns berilýär.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda eziz Diýarymyzda halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler ýaýbaňlandyryldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda bina edilen häzirkizaman atçylyk sport toplumlary atçylyk pudagynyň kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu ulgamda ýaş hünärmenleriň — atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň tutuş nesliniň kemala gelmegine ýardam edýär.

     Behişdi bedewler milli we dünýä medeniýetiniň hakyky gymmatlygy bolmak bilen, özleriniň deňsiz-taýsyz gözelligi, syratlylygy, ýyndamlygy, wepadarlygy we asyllylygy bilen tapawutlanýar. Häzirki döwürde ahalteke bedewi biziň üstünliklerimiziň, täze taryhy eýýamymyzyň nyşanyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar.

     Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýar, olaryň gylyk-häsiýetlerinden oňat baş çykarmak bilen, bedewlerimiz, milli atçylyk sungatymyzyň taryhy we şu güni ýaly möhüm ugurlara bagyşlanan ajaýyp eserlerini halkymyza sowgat berýär.

     Häzirki wagtda Türkmenistanda behişdi bedewleriň tohumçylyk-seleksiýa işlerini kämilleşdirmek, ähli döwürlerde gözelligiň we kämilligiň nusgasy diýlip ykrar edilen ahalteke bedewleriniň nesil arassalygyny goramak hem-de baş sanyny artdyrmak boýunça ylmy-seçgiçilik işleri alnyp barylýar. Pudagyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligine hem aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde degişli ugurdan hünärmenler taýýarlanylýar.

     Milletimiziň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen we müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilýän atşynaslyk däpleriniň saklanylmagy we ösdürilmegi üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, atçylyk sungatynyň milli däplerini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler milli gymmatlyklarymyza goýulýan uly sarpadan nyşandyr.

 

Ýusup MEREDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 52 okalan

ÇAGA — ÖMRÜŇ DOWAMY

03 Iýun 2025 | 79 okalan

SAGDYNLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BAÝRAMY