ZEMINIŇ ASUDALYGY, ASMANYŇ PÄKIZELIGI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde türkmen halky parahat durmuşda ýaşaýar. Mähriban halkymyz parahatçylygy, asudalygy, agzybirligi, jebisligi ähli zatdan ýokarda goýýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli alnyp barylýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatyň netijesinde, ýurdumyz halkara gatnaşyklary ulgamynda täze sepgitlere ýetýär. Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam bildirmek we ýardam bermek esasynda gatnaşyklary ösdürip, köp ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, söwda we medeni ugurlarda gatnaşyklary berkidýär.

     Taryha ser salanymyzda, merdana halkymyzyň goňşy halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barandygynyň şaýady bolýarsyň. Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçmegi bolsa, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk netijesinde emele gelen gatnaşyklaryň has-da rowaçlanmagyna getiripdir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyza Bitaraplyk derejesiniň berilmegi bilen, bu gatnaşyklar täze basgançaklara çykdy. Gün-günden ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň alyp barýan syýasatynyň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge, dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini bellemek gerek.

     Türkmen Bitaraplygynyň mazmunyny halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri düzýär. Parahatçylyk bagtyýar ýaşamagyň, erkana zähmet çekmegiň, arkaýyn dynç almagyň kepili bolup durýan giň düşünjedir. Bitaraplygymyz sebit we dünýä derejesinde ýokary baha berlen taglymatdyr. Ýurdumyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň, teklipleriniň halkara jemgyýetçiligiň giň seslenmesine mynasyp bolmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Kararnamalar bilen berkidilmegi baky Bitaraplygymyzyň many-mazmunynyň, ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

     Zeýtun agajy hiç bir yrýasy bolmadyk agaç hasaplanylýar. Bu agaç parahatçylygyň, agzybirligiň nyşanydyr. Bitaraplygyň, parahatçylygyň, asudalygyň esasy nyşany hökmünde türkmen baýdagyna girizilen zeýtun baldajygy – ýaşaýşyň, ýagşylygyň, agzybirligiň, bagtyýarlygyň alamaty hökmünde bu gün dünýämize nur çaýýar.

     Türkmen halkyny ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, parahat we bolelin durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

     Goý, biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň we agzybir halkymyzyň bütin dünýäde at-abraýy, şan-şöhraty has-da belende galsyn!

 

Çemen TÄJOWA,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine

ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Öňki makala

BELENT SARPANYŇ NYŞANY

Indiki makala

KOFE – BU MIWEDIR

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 52 okalan

ÇAGA — ÖMRÜŇ DOWAMY

03 Iýun 2025 | 79 okalan

SAGDYNLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BAÝRAMY