KOFE – BU MIWEDIR

     Dünýä ýüzünde adamlaryň iň köp içýän içgileriniň biri kofe hasaplanylýar. «Araplaryň şeraby» diýip atlandyrylan kofeniň ady araplaryň «kahwa» sözünden gelip çykandyr. Kofe – bu kofe agajynyň dänesinden taýýarlanýan içgidir. Ilkinji gezek bu içgi araplar tarapyndan içilipdir diýlip çaklanylýar. Soň bolsa kofe Ýewropa döwletlerine ýaýrap başlapdyr we meşhurlyk gazanypdyr. Taryhy maglumatlara görä, kofe IX asyrda tapylypdyr. Kaldi atly çopan öz geçileriniň näbelli bir agajyň miwelerini iýip, has gurply bolandygyny görüpdir we bu agajyň miwesi hakynda dini alymlara gürrüň beripdir. Olar hem agajyň miwesinden ybadat döwründe ýadamazlyk üçin içgi taýýarlapdyrlar diýlip çaklanylýar. Şeýlelik-de, kofe agajynyň miwesiniň bu lezzetiniň üstüni açmaga taryhda bir geçi çopanynyň kömek edendigi ýazylýar. Ýöne bu içgini kimiň oýlap tapandygy belli däl.

     Kofe – maýyl howa şertlerinde ösýän ösümlik bolup, esasanam, Hindistanyň, Braziliýanyň, Afrikanyň, Çiliniň, şeýle-de, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň käbirinde giňden ýaýrandyr. Rowaýatlarda beýan edilişine görä, kofeni gaýnadyp içmek üçin ilkinji gezek Ýemende ösdürip ýetişdirip başlapdyrlar. Ilkinji gezek, kofeniň içgi edilip ýasalan görnüşi Ýemen kofesi bolupdyr. Kofeni süýt bilen garyp içmegem araplaryň adamzat taryhyna getiren täzeligidir. Kofe dänelerini gaýtadan işlemäge dürli usullar arkaly çemeleşipdirler. Wagtyň geçmegi bilen, kofe dünýäde iň meşhur içgä öwrülýär.

     Lukmanlar kofeniň adamyň jan saglygyna ýetirýän täsirleriniň birnäçesiniň üstüni açdylar. Kofeni çendenaşa köp içmek, ajöze içmek, ajy edip demläp içmek ýürek we aşgazan kesellerine getirip bilýär.

     Biziň günlerimizde kofeleriň taýýarlanyşynyň birnäçe görnüşleri bardyr. Olardan – espresso, latte, türk kofesi, amerikano, kapuçino ýaly görnüşlerini bellemek bolar.

     Kofe önümçiligi mukdary boýunça dünýäde nebitden soň ikinji orunda durýar.

     Soňky döwürlerde ýaşyl kofe barada maglumatlar meşhur bolup, ol horlanmagyň aňsat usuly hökmünde tanalýar. Ýaşyl dänelerden öndürilen kofe adaty kofelerden ysy we tagamy bilen tapawutlanýar.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Akjagül AMANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Dekabr 2024 | 20 okalan

DIÝAR TOÝ TOÝLAÝAR

11 Dekabr 2024 | 3 okalan

BITARAPLYK – BAGTYMYZ

11 Dekabr 2024 | 25 okalan

DÜNÝÄNIŇ MAGLUMATLAR TORY