DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMI JEMLENDI

     Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaş terjimeçileriniň arasynda yglan edilen «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär.

     Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, düşünjelerimizi baýlaşdyrýan, dostlaşdyrýan, ruhy-ahlak taýdan kämilleşdirýän terjimeçilik sungatyny ösdürmek, bu ugurda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we ýetişdirmek maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigi uly ähmiýete eýe boldy.

     «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly geçirilen döredijilik bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolan ýaş terjimeçilere bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlarydyr Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik zehinleriniň doly açylmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, aýdyň maksatly tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

 

Didar GELDIÝEW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Dekabr 2024 | 20 okalan

DIÝAR TOÝ TOÝLAÝAR

11 Dekabr 2024 | 3 okalan

BITARAPLYK – BAGTYMYZ

11 Dekabr 2024 | 25 okalan

DÜNÝÄNIŇ MAGLUMATLAR TORY