Ýakynda Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdirýeti, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-12-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmek hem-de çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşigi täze zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklyka, döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar, Watan ezizligi, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, hormatly Prezidentimize we Türkmenistan döwletimize bolan çuňňur söýgüsini açyp görkezýän hem-de «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerini, çeken suratlaryny we ýasan maketlerini degişlilikde bäsleşigiň jemleýji tapgyryna hödürlediler.
«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly geçirilen döredijilik bäsleşikde öz deň-duşlaryndan has-da tapawutlanyp, ýeňiji bolan zehinli çagalara, şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyryna işjeň gatnaşanlara bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlardyr hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, aýdyň maksatly tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.