YNSAN SAGLYGYNYŇ GORAGYNDA

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda hormatly Belent Serkerdebaşymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda: «Ýurdumyz dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işe öz goşandyny goşmaga çalyşýar, temmäkä garşy göreşmekde netijeli hereketler ýaýbaňlandyrylyp, alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda bu iş has-da giň gerime eýe boldy. Bu babatda türkmen jemgyýetinde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleri görmek möhümdir» diýip harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde anyk wezipeleri goýmagy hem Watanymyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygyny görkezýär.

     Zyýanly endikler diňe bir saglyga zyýan ýetirmän, ösen döwletiň medeniýetine gabat gelmeýän närseleriň biridir. Zyýanly endiklerden daşda durmak dünýä inýän ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý bolmaklygyny gazanmaga mümkinçilik döredýär. Ýaramaz endiklere çilim, şol sanda suw we elektron çilimleri çekmek, nas atmak, alkogol içgileri içmek, hereketsizlik, nädogry iýmitlenmek, şahsy arassaçylygy saklamazlyk ýaly häsiýetler degişlidir. Çilim çekmegiň ynsan bedenine edýän ýaramaz täsirlerini hem-de onuň ilatymyzyň saglygyna howp salmagyny aradan aýyrmak maksady bilen döwletimiz tarapyndan ilatymyzyň saglygyny goramak ulgamyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan çärelere aýratyn ähmiýet berilýär.

     Ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýän temmäki önümleri Türkmenistana getirilen, ýerlenilen hem-de ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň hereket etmegi Watanymyzda adam saglygynyň goralmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

     2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Meýilnamanyň degişli bendinde maglumatlaryň audiowizual serişdelerinde we beýleki sanly kommunikasion ulgamlarynda, (şol sanda internet we ykjam telefonlar) temmäkiniň ulanmagyny gadagan etmek meselesini öwrenmek göz öňünde tutulan.

     Maksatnamada bellenilişi ýaly Türkmenistan özüniň temmäkini ulanyşdan aýyrmaga taýýardygyny yglan etdi hem-de diňe bir oňa garşy göreş çärelerini amala aşyrmagy däl-de eýsem, 2025-nji ýylda temmäkiden azat ýurt derejesine ýetmegi esasy maksady hökmünde kesgitledi. Bularyň ählisi ýurdumyzda adam saglygyny gorap saklamak ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini äşgär edýär.

 

Öwezgeldi ATAGELDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap

kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

11 Dekabr 2024 | 20 okalan

DIÝAR TOÝ TOÝLAÝAR

11 Dekabr 2024 | 3 okalan

BITARAPLYK – BAGTYMYZ

11 Dekabr 2024 | 25 okalan

DÜNÝÄNIŇ MAGLUMATLAR TORY