DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEGIŇ INNOWASION USULLARY WE TEHNOLOGIÝALARY

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýanyň düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirmeklik üçin zerur bolan şertler we mümkinçilikler ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda döredilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ugrunda edýän aladalarynyň netijesidir. Türkmen ýaşlary häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryna erk edip, daşary ýurt dillerini has içgin öwrenmekligiň örän ýeňil usulyýetlerini özleşdirip, öwrenýän dillerini suwara bilýärler. Ýurdumyzda döwrebap sanly tehnologiýalaryň esasynda döredilýän bu mümkinçilikler bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan parasatly işleriniň giň gerimde dabaralanýandygyny görkezýär. Şu nukdaýnazardan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanda bilim ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly bilim standartlaryny we daşary ýurt dillerini innowasiýalar esasynda okatmagy kämilleşdirilmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatynda toplanan oňyn tejribelerden ugur alnyp, şeýle hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýan «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly iki günlik halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

     Hormatly Prezidentimiziň milli we halkara derejedäki maksatnamalaryna we ynsanperwer içeri we daşary syýasatyna laýyklykda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma Türkmenistanyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenlerdir hünärmenler, ýurdumyzda bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar.

     Maslahatyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ylym-bilim ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Forumyň gün tertibine daşary ýurt dillerini okatmagyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň, täze, döwrebap usullary ulanmagyň, alyş-çalyş maksatnamalary esasynda bilim bermegiň meseleleri girizildi. Forumyň dowamynda çykyş edenler şu gezekki maslahatyň bu ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin meýdança bolmak bilen, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenleriniň arasyndaky ylmy dialogy giňeltmäge mümkinçilik döredýändigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde bilim ulgamynda degişli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Diýarymyzyň orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi.

     Maslahatyň çäklerinde lingwistik ugurlar we daşary ýurt dillerini okatmagyň usullary barada umumy çykyşlar, daşary ýurtly gatnaşyjylar tarapyndan okuw-usulyýet sapaklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, özara çekişmeler guraldy. 2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Garaşsyz Türkmenistanyň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýokary guramaçylykly geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir ýola açyp görkezdi.

     Maslahata gatnaşyjylar bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmakda häzirki zaman sanly tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmakda, milli pedagogikanyň däplerini wagyz etmekde, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ählitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

11 Dekabr 2024 | 20 okalan

DIÝAR TOÝ TOÝLAÝAR

11 Dekabr 2024 | 3 okalan

BITARAPLYK – BAGTYMYZ

11 Dekabr 2024 | 25 okalan

DÜNÝÄNIŇ MAGLUMATLAR TORY