TÜRKMENISTANYŇ NAÝBAŞY KUBOGY 2024

     Ýaňy ýakynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň sport toplumynda Türkmenistanyň Çempiony «Arkadag» we «Ahal» futbol klublarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň «Naýbaşy Kubogy 2024» atly duşuşyk geçirildi.

     «Arkadag» futbol klubyndan 14-nji minutda Şamämet Hydyrow birinji pökgini, 22-nji minutda Şanazar Tirkişow ikinji pökgini, 29-njy minutda bolsa ýene-de Şamämet Hydyrow üçünji pökgini garşydaş toparyň derwezesine gönükdirmegi başardylar. Duşuşygyň birinji ýarymy 3:0 hasap bilen jemlendi. Duşuşygyň ikinji ýarymy gyzganlaňly dowam edip, «Ahal» futbol klubynyň oýunçysy Yslam Annamyradow 75-nji minutda «Arkadag» toparynyň derwezesine birinji goly geçirmegi başardy.

     Şonuň bilen «Arkadag» futbol kluby, futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky oýunda «Ahal»-dan üstün çykdy. Duşuşyk «Arkadag» futbol klubynyň  peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy.

 

Sähragül IŞANOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň esasy hünärmeni.