ŞANLY ÝYLA BAGYŞLANAN DABARA

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi.

     Welaýatymyzyň ýaşlarynyň ýokary ruhubelentlikde gatnaşmagynda geçen dabarada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, dürli ugurlarda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulus-ilimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi babatynda edýän aladalaryna alkyşly sözlerini aýtdylar.

     Welaýatymyzyň medeniýet-sungat ussatlary, çagalar döredijilik toparlary özleriniň belent owazly, şirin mukamly aýdym-sazly çykyşlary bilen dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Joşgunly sungat çykyşlarynda berkarar Watanymyzyň, eşretli döwrümiziň, bagtyýar ýaşlygyň waspy öz beýanyny tapdy.

 

Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 32 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA

27 Ýanwar 2025 | 102 okalan

TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATY

25 Ýanwar 2025 | 145 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA GEÇIRILEN DUŞUŞYK