Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda etrabyň medeniýet öýünde baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy mynasybetli aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.
Edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen duşuşykda bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň ösüşleri, ýurdumyzyň arşa göterilýän şan-şöhraty, Bitaraplyk bagty dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleriniň arasyndaky abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygy, ähli yklymlaryň ýurtlary bilen ysnyşykly, özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi, ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde gyzgyn goldaw tapýandygy, Bitaraplyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Etrabyň Medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary hemmeleriň toý şatlygyny goşalandyrdy. Beýik döwrümiziň joşgunly waspy aýdym-sazly çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Duşuşyga gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.