Internet dünýä boýunça açyk maglumat ulgamydyr. Islendik ýurduň we taraplaryň oňa birleşmäge hukugy bardyr.
Dünýä döwletleriniň ylym-bilim binýady ilkinji nobatda, şol döwletiň ýaş nesliniň ylym-bilim derejesi bilen kesgitlenýän bolsa, şol ýurduň ylym-bilim kuwwaty kompýuterleşdiriş derejesiniň ýokarydygy bilen kesgitlenýär. Çünki maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň esasy çelgisi – bu kompýuterleşdirilen ulgamlardyr. Olaryň has tiz we giň möçberli netijeli işini bolsa, internet tory we älem giňişliginiň web sahypalary üpjün edýärler. Bu ösüşler bazar ykdysadyýetine geçýän döwletlerde möhüm orunda durýar. Ykdysady, söwda we beýleki pudaklardaky işlerini dünýä ýaýmaga, netijeli söwda gatnaşyklaryny alyp barmaga, ähli ýerde hil, amatlylyk we elýeterlilik ýörelgelerini amala aşyrmaga internet tehnologiýalary ýakyndan ýardam berýär. Biziň ýurdumyzda internet ulgamynyň ösdürilmegine, ähli ulgamlaryň kompýuterleşdirilmegine we sanly hyzmatlaryň geriminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Internet we täze tehnologiýalar arkaly maglumatlar elýeterli edilýär. Halkymyza döwrebap sanly hyzmatlar ýola goýulýar. Ýurdumyzda hereket edýän ähli internet sahypalarynyň amatly we bir ulgamda elýeterli bolmagy üçin bir penjireli www.e.gov.tm internet portaly döredildi. Munuň özi, dünýäniň media giňişligine aralaşmaga, iň soňky täzelikler bilen jemgyýetimiziň habarlylygyny artdyrmaga oňaýly esaslar bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň geljeginiň berk binýadyny ýaşlarda görýär. Olaryň dürli tehnologiýalardan we öňdebaryjy tilsimatlardan baş alyp çykmagy üçin şertleri üpjün edýän ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns berýär. Orta mekdeplerden başlap, ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hili yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Sapaklarda öňdebaryjy tehnologiýalardan we kompýuter tilsimatlaryndan netijeli peýdalanylýar. Täzeçil usullar, sanly ulgam, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar döwlet ösüşiniň möhüm şertidir. Biziň ýurdumyzda ýaşlar bilen ylym-bilimiň, sanly tehnologiýalaryň arasynda berk sazlaşyk, uýgunlaşyk bar. Çünki sanly tehnologiýalar geljegiň ylmy kuwwaty, ösen aň-bilim röwşen geljegiň binýady. Şeýle döwrebap şertlerde okap bilim almak, zähmet çekmek bilen, biz ýaşlar döwletimiziň binýatly geljeginiň ylmyň-bilimiň üsti bilen berk gurulýandygyny aýdyň görýäris. Bu internet tehnologiýalaryndan peýdalanmak babatda hem şeýledir.
Altyn HOJAMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.