Türkmenistanyň Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilip, oňyn we hemişelik häsiýete eýedir. Ýurdumyz bu jogapkärli derejeden gelip çykýan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Dünýä bileleşigi döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna ýokary baha berýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ählumumy abadançylygy berkitmekde alyp barýan beýik işleriniň rowaçlanýandygynyň subutnamasy bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty diňe bir halkymyzyň, ata Watanymyzyň geljekki gülläp ösüşine hyzmat etmek bilen çäklenmän, tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegi nazarlaýar. Döwletimiziň dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň giňelmeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işinde Türkmenistan iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG, onuň düzüm birlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklary ösdürýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygy BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen parahatçylykly ýaşamagyň ýörelgelerine laýyk gelýär, ýagny halklaryň öz ykballaryna özbaşdak erk etmeklerine, döwletleriň özygtyýarlylygyny we çäkleriniň bitewüligini hormatlamaga, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly gepleşikler arkaly, syýasy-diplomatik serişdeleriň üsti bilen kadalaşdyrmaga, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Hemişelik Bitaraplygymyz ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde we ony berkitmekde, häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin şertleri döretmekde, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilen netijeli gural hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, daşary we içeri syýasat işinde döwletiň we halkyň bähbitlerine esaslanýar.
Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň ähli görnüşleri üçin açyklyk Türkmenistanyň Bitaraplyk konsepsiýasynyň özenini düzüp, döwlet Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna, halkara giňişliginde milli bähbitleriň ilerledilmegine hyzmat edýär.
Bägül JUMAKAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.