Şu gün paýtagtymyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda alym Arkadagymyzyň «Hakyda Göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Muňa ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli ugurlarda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlar, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary onlaýn görnüşinde gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan «Hakyda Göwheri» atly kitabynyň ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde ýaşlar üçin möhüm gollanma bolup durýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.