HOŞ GELDIŇ TÄZE ÝYL, SALAM TÄZE ÝYL!

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrap merkezindäki Toý mekanynda «Hoş geldiň Täze ýyl, Salam Täze ýyl!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.Täze ýyl toý saçagynyň giňden ýazylmagynda geçen dabara edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ýaşlar uly höwes bilen gatnaşyp, baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler. Täze—2025-nji ýylyň her bir öýe rysgal-bereket, nur eçilmegini arzuwladylar, ýurdumyzyň ösüşleri hakda buýsanç bilen söhbet açdylar.

     Aýdym-sazlar, milli öwüşginli tanslar dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Sungat çykyşlarynyň her biri dowamly elçarpyşmalar bilen garşylandy. Ýakymly duýgulara beslenen  baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Babadaýhan etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 56 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 58 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA