Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de Kaka etrabynyň medeniýet bölüminiň guramagynda edara-kärhanalarda, guramalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda etrap merkezindäki «Berkarar» toý mekanynda şatlyk-şowhunly dabara geçirildi.
Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan «Hoş geldiň Täze ýyl, gözel Diýara!» atly baýramçylyk dabarasynda toý suprasy giňden ýazyldy. Toý zalyna ýygnanan ildeşlerimiz baýramçylyk gutlaglarynda il-günümizi baky bagtyýarlygy ýetiren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini, hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabarada aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Ýaňlanan belent mukamlar, joşgunly aýdymlar, milli öwüşginli tanslar hemmeleriň toý şatlygyny goşalandyryp, ýüreklere ylham eçildi. Şol çykyşlarda bolsa Watanymyzyň okgunly ösüşi, eşretli döwrümiz, bagtyýar ýaşlyk uly buýsanç bilen wasp edildi.
Begenç ÖWEZOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.