Täze ýylyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kubmetr bolan suw arassalaýjy desga dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Şanly dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň işgärleridir işjeň agzalary hem uly höwes bilen gatnaşdylar.
Aýdym-sazly çykyşlara beslenen täze, döwrebap şuw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasynda onuň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçy-hünärmenlere Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Soňra dili senaly ýaşulular hem-de hormatly myhmanlar täze desganyň toý bagyny kesdiler.
Özboluşly toplumy ýatladýan desganyň çäginde esasy we kömekçi binalar bolup, olar Türkiýäniň, Germaniýanyň we beýleki Ýewropa döwletleriniň dünýä meşhur, öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary bilen üpjün edilendir. «Netijeli binýat» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze desgada arassalanan suw etrap merkezinden başga-da, töwerekdäki ilatly nokatlaryň ýaşaýjylarynyň arassa agyz suwuna bolan islegini doly üpjün eder. Toplumyň işe girizilmegi bilen ýaşlaryň onlarçasyna iş orunlary açyldy.
Aşyrberdi AÝDOGDYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.