Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Hoş gelipsiň Täze ýyl, eziz Diýara!» ady bilen Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «mawy yşyk» dabarasy geçirildi.
Ýaşlaryň uly ruhubelentlikde gatnaşmagynda geçen dabarada çykyş edenler tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda berkarar Watanymyzda bolup geçen taryhy wakalar, ýurdumyzyň dürli ugurlarynda gazanylan ösüşlerdir özgertmeler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda uly buýsanç bilen söhbet açdylar, Täze — 2025-nji ýyl mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň has-da rowaçlyga beslenmegini, eziz Diýarymyzyň has-da gülläp ösmegini arzuw etdiler.
Welaýatymyzyň aýdym-saz, tans we halk döredijilik toparlarynyň, sahna ussatlarynyň çykyşlary dabara baý öwüşgin berdi. Joşgunly aýdym-sazlarda berkarar Watanymyzyň, eşretli döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň, bagtyýar halkymyzyň, päk söýginiň belent waspy öz beýanyny tapdy.
Annamuhammet GULOW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.