DOKMA TOPLUMYNDA BAÝRAMÇYLYK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň guramagynda Babadaýhan dokma toplumynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Dokmaçy ýaşlaryň gatnaşmagynda guralan duşuşykda Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlaglar aýdyldy, ýagşy arzuwlar edildi.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýeňil senagaty pudagynyň ösüşine Babadaýhan dokma toplumynyň agzybir işçi-hünärmenleriniň goşan saldamly goşandy, bu toplumda gazanylan üstünlikler barada söz açylyp, duşuşyga gatnaşan ýaşlara «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda täze-täze zähmet ýeňişleri arzuw edildi.

     Duşuşygyň ahyrynda işde tapawutlanan işçi-hünärmenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy. Bagtyýar ýaşlar öz gezeginde türkmen halkyny eşretli günlerde, toýly Diýarda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Daňatar ORAZMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan

etrap Geňeşiniň buhgalteri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA