Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolan bagtyýar çagalary sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi. Abraýly baýrak bilen sylaglananlaryň arasynda Ahal welaýatyndan hem çagalaryň bolmagy biz üçin has-da guwançly boldy.
Asylly däbe görä, Gulbaba adyndaky çagalar baýragy ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşandyny goşýan, şeýle-de bilim, döredijilik bäsleşiklerinde, dürli derejedäki ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda tapawutlanýan çagalara Täze ýyl baýramyna gabatlanyp gowşurylýar. Gadam basan 2025-nji ýylyň şu taryhy günlerinde agzalan baýraga ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherinden bolan çagalaryň onlarçasy mynasyp boldy.
Ýaş nesliň arasynda uly meşhurlyk gazanan baýragyň gowşurylyş dabarasy çagalar üçin ajaýyp baýrama öwrüldi. Dabaranyň barşynda baýraga mynasyp bolan bagtyýar çagalara iň oňat arzuwlaryň beýan edilmegi hem-de olara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň degişli şahadatnamasynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy ýaş kalplaryny joşa getirdi. Bu dabara ýaş zehinleriň durmuşynda aýratyn tolgundyryjy pursada öwrüldi.
Guwanç HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.