Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdança bezeg goşýan welaýatymyzyň baş arçasynda aýdym-sazly dabara geçirildi.
Gyşky dynç alyş möwsümini şadyýanlykda geçirýän okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen dabarada baýramçylyk arçasynyň töweregini şatlyk-şowhun gurşap aldy. Bagtyýar nesliň şadyýan gülki sesleri we ýüzündäki begenç alamatlary şirin owazly aýdym-sazlar bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, hemmäniň kalbyny joşa getirdi.
Aýdym-sazly dabara Täze ýylyň gahrymanlary Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagy has-da täsirli boldy. Uzak wagtlap dowam eden dabara çagalara ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary peşgeş berdi.
Gülälek ORANÝAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.