Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda Kaka dokma toplumynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Agzalan dokma toplumynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlendi.
Duşuşykda gadam basylan 2025-nji ýylyň şygaryndan ruhlanyp, täsirli çykyşlara giň orun berildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamak Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistan Watanymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ýokary derejä eýe bolmagyna ýardam berýär. Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk üçin oňyn şertleri döretmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Şonuň bilen baglylykda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň hem uly ähmiýeti bar.
Işjeňlikde geçen duşuşyga gatnaşanlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünliklere beslenmegi, hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegi ugrunda alyp barýan öňdengörüjilikli, parasatly hem ynsanperwer içeri daşary syýasatynyň has-da dabaralanmagyny arzuw etdiler.
Begli MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.