Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde ýaş mugallymlaryň arasynda sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, ildeşlerimiziň sporta höwesini, şeýle-de sport ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden mugallymlaryň onlarçasy gatnaşdy. Çekeleşikli duşuşyklara baý bolan ýaryşda 2-nji orta mekdebiň mugallymy Ýazdurdy Durdyýew birinji, ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy Mülkaman Gurtmyradow ikinji, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň mugallymy Batyr Ataýew üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijiler hormat hatlary bilen sylaglandy.
Orazjemal ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.