RUHUBELENTLIGE BESLENEN DABARA

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň ildeşlerimize sowgat edilmeginiň şanyna dabara geçirildi.

Toý ruhunda geçen dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilmegi giň jemgyýetçilik seslenmesini döredendigi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň täze ajaýyp eseriniň jöwher sözüň gudraty bilen şygryýet äleminde öçmejek yz galdyran beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bolan sarpany dabaralandyrýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Dabara welaýatyň Medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparlarynyň sungat çykyşlaryna utgaşdy. Şirin owazly, belent mukamly aýdym-sazlarda beýik döwrümiziň joşgunly waspy öz beýanyny tapdy. Ýakymly duýgulara beslenen dabara gatnaşyjylar «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny sowgat eden hormatly Prezidentimiziň adyna päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Güljemal ATDAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar