Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlik türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy ýanwarda geçiren Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlandy.
Söhbetdeşlikde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada söz açylyp, bu ýylyň şygarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, parahatçylyk söýüjilik we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň özboluşly beýany bolup dabaralanýandygy bellenildi. Çykyş edenler şanly ýylda bagtyýar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenip geçiljekdigini, şu mynasybetli giň göwrümli çäreleriň guraljakdygyny uly buýsanç bilen nygtadylar.
«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar Watanymyzy ösüş-özgertmeleriň ak ýolundan öňe alyp barýan, halkymyzy eşretli günlerde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň buhgalteri.