Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň we medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýüniň mejlisler zalynda «Halkara parahatçylyk we gülläp ösüş» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Etrabyň edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly maslahatda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy bilen bagly täsirli gürrüňler edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň her bir raýatynda, şol sanda ýaşlarda uly guwanç we buýsanç duýgusyny döretdi. Rowaçlyga beslenjek ýylyň şygary ildeşlerimiziň kalbyny joşa getirip, täze belent üstünliklere ganatlandyrdy.
Dabaraly maslahatda ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Toý ruhunda geçen çäre etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşdy. Belent owazly joşgunly çykyşlarda okgunly ösüp, şan-şöhraty arşa göterilýän berkarar Watanymyz, bagtyýar döwrümiz, hormatly Prezidentimiziň döwletli işleri wasp edildi.
Begenç ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.