BEÝIK AKYLDARA BELENT SARPANYŇ BEÝANY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýat häkimliginiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirilip, oňa welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar.

Şatlyga we ruhubelentlige beslenen dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň täze ýylyň bosagasynda bagtyýar ulus-ilimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak toý sowgadyna öwrülip, ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrandygyny buýsanç bilen bellediler hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň beýleki eserleri ýaly gymmatlydygyny, many-mazmuny babatda tapawutlanýandygyny nygtadylar.

Dabaranyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar hemmeleriň şatlygyny goşalandyryp, kalbyny joşa getirdi. Bu dabara ýakymly duýgular bilen ýatda galdy.

 

Maýsa MYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar