Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabara geçirildi.
Dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadam basylan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy halkymyzda buýsanç duýgusyny döredip, ildeşlerimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrandygy dogrusynda aýdylanlar uly gyzyklanma bilen diňlendi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, şan-şöhratynyň arşa göterilmegi bilen bagly ýagşy arzuwlaryny aýtdylar hem-de halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Etrabyň medeniýet we sungat ussatlary ajaýyp çykyşlary bilen dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar. Aýdym-sazly çykyşlarda ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleri uly joşgun bilen wasp edildi.
Leýli BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap Geňeşiniň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.