Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Erasmus+ maksatnamasynyň maglumat güni geçirildi. Bu barada TDEI-niň saýtynda habar berildi.h
Erasmus+ maksatnamasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Aýna Çörekliýewa bu maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi, şeýle-de türkmen ýokary okuw mekdepleri üçin ýokary bilim ugry boýunça mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi.
Ýewropa bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasy bilimi, hünär taýýarlygy, ýaşlary we sporty ösdürmegi we döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär. Ol 2021-2027-nji ýyllary öz içine alyp, bilim ulgamynda işleýän dürli ýaşdaky adamlar üçin giň mümkinçilikleri döretmegi dowam etdirýär.
Maslahata gatnaşyjylar maksatnamanyň dürli ugurlary bilen tanyşdylar:
Ýokary bilim ugry boýunça mümkinçilikleri artdyrmak,
Halkara kredit hereketliligi,
Erasmus Mundus bilelikdäki magistrlik derejesi,
Žan Moneniň maksatnamasy.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Erasmus+maksatnasynyň çägindäki dürli taslamalar we talyp haklary üçin nädip ýüz tutmalydygy barada maglumat aldylar.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanda 2 sany täze taslamanyň işe başlajakdygyny habar beripdik.
26.12.2024 ý.
turkmenportal.com