HYZMATDAŞLYGYŇ NUSGALYK MENZILLERI

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, umumadamzat gymmatlyklaryny, medeni mirasy goramak we olara hormat goýmak ÝUNESKO-nyň ileri tutýan ýörelgesidir. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly saklamak, dünýä ýaýmak, döwletimiz bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarymyz halkara jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrýan işleriniň rowaçlanmagy has-da guwandyrýar. Bu babatdaky tagallalar türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir. Geçen ýyllarda eziz Diýarymyzyň çägindäki Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, türkmen halkynyň «Görogly» şadessanynyň, küştdepdi aýdym we tans dessurynyň, Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň bu Guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini, paýtagtymyz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini bellemek ýakymlydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy möhüm wakalaryň biri boldy. Galyberse-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi özara hyzmatdaşlygyň buýsançly subutnamalarydyr.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Bu gün ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary hereket edýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilýän hödürnamalaryň sanynyň barha artmagy bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändiginiň alamatydyr.

Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä ýaýmak babatda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli başlangyçlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

 

Annamuhammet GULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 3685 okalan

ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLAN BEDEWLER

28 Ýanwar 2025 | 95 okalan

TÜRKMEN HALYSY-HEŇŇEMLARYŇ AÝDYMY!

28 Ýanwar 2025 | 152 okalan

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMADAMZAT MIRASYNDA