SUNGATA ÖWRÜLEN SENET

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet barada guramasynyň (ÝUNESKO) Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilen Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 26-njy orta mekdebinde türkmen halkynyň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda ýer almagy mynasybetli, «Sungata öwrülen senet» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda edilen çykyşlarda taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý milli mirasymyzyň bir böleginiň biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesi hasaplanýan keşdeçilik sungaty bolup durýandygy, özüniň bezeg aýratynlygy, özüneçekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen nagyşlarynda halkymyzyň gözel tebigatynyň keşbini, millilik ruhuny görmek bolýandygy, türkmen zenanlarynyň duýgusyndan, gözelliginden, nepis döredijiliginden gözbaş alýan keşdeleriň öz gymmatyny häzirki günlerimizde-de ýitirmän gelýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam edýändigi bellenildi. Şeýle-de, bu ýerde keşdeçilik sungatynyň el işleriniň sergisi guraldy.

 

Sabyrgeldi BEGOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 3698 okalan

ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLAN BEDEWLER

28 Ýanwar 2025 | 1807 okalan

TÜRKMEN HALYSY-HEŇŇEMLARYŇ AÝDYMY!

28 Ýanwar 2025 | 152 okalan

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMADAMZAT MIRASYNDA