Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da ýygjam häsiýete eýe bolýar. Aýratyn hem soňky ýyllarda Garaşsyz Watanymyz BMG-nyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen anyk maksatlara gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeldýär. Ýurdumyzyň birnäçe taryhy ojaklarynyň, medeni ýadygärlikleriniň, milli sungatymyzyň we gadymy ýörelgelerimiziň käbirleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy döwletimiziň abadançylyga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk ýolunyň üstünligidir. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň käbirlerinde ÝUNESKO kafedralary we klublary açyldy, şeýle-de ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Ýene-de bir aýratyn buýsandyryjy hakykat, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ÝUNESKO burçy hem döredildi. Bu burçuň ÝUNESKO-nyň dünýädäki şeýle burçlarynyň ikinjisidigini ýatlamak has-da guwandyryjy ýagdaýdyr.
Biz hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatymyzda bilim alýan talyplar bilen «Türkmenistan—ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» diýlip atlandyrylan ÝUNESKO burçuna gezelenç guradyk. ‹‹Türkmenistan—ÝUNESKO: ählumumy abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk›› diýen at bilen guralan bu gezelenjiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy ýa-da awtordaş bolmagynda adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklar barada täsirli gürrüňler diňlenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ýene-de taryhy ýerleriniň, milli däplerimiziň käbirlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Gülşat ÇARYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.