SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ÝUNESKO klubynyň guramagynda «ÝUNESKO – Diýardan ýaýran ýollar» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary çykyş etdiler.

   Duşuşykda çykyş edenler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadan we 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek çäreler hakynda we ÝUNESKO-nyň işleri dogrysynda gürrüň berdiler. Şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hereket edýän «Ahalteke atlary-parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubynyň işleri dogrusynda çykyşlar edildi.

   Söhbetdeşlik duşuşygyna gatnaşanlar döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Bahar REJEPGULYÝEWA,

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby,

«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 3698 okalan

ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLAN BEDEWLER

28 Ýanwar 2025 | 1807 okalan

TÜRKMEN HALYSY-HEŇŇEMLARYŇ AÝDYMY!

28 Ýanwar 2025 | 152 okalan

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ UMUMADAMZAT MIRASYNDA