ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – KALBYMYZYŇ ÇYRAGY

Ata Watanymyzda her ýyla hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen mynasyp şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşini şöhlelendirýär. Ýagşy umyt-arzuwlar bilen bosagadan ätlän täze – 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi il-günümizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Bu şygarda çuň many-mazmun bar. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özenini ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri düzýär. Bu ýörelgeler berkarar döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär.

Belent maksatlar bilen nurana geljege barýan, ýurt parahatçylygynda, il agzybirliginde gurýan, döredýän bagtyýar halkymyzyň üstünlikleri üstünliklere ulaşýar. Muny geçen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilen tutumlar we ýetilen belent sepgitler hem tassyklaýar. Taryha altyn harplar bilen ýazylan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýylyň şygary astynda geçirilen döwletli işler, şahyryň hormatyna guralan giň gerimli çäreler halkyň durmuşynda uly orny eýeledi.

Bütin yklymy parahat we bir-birege ynanyşmak arkaly ýaşamaga çagyrýan döwletli Diýarymyz üstümizdäki ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen bagtyýar halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uludan toýlar. Biz hem taryha şöhrat-şan goşjak täze – 2025-nji ýylyň şygaryndan ruhlanyp, şanly ýylda döredijilikli zähmet çekip, ösüp gelýän ýaş nesilleri beýik döwrümiziň ruhunda terbiýelemekde, olary il-günümize mynasyp kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Bagtyýar halkymyzyň ýürek sesini duýup, arzuwlaryny hasyl edýän, ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ählitaraplaýyn mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

 

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasy Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

07 Ýanwar 2025 | 181 okalan

AKYLDARA BELENT SARPA

06 Ýanwar 2025 | 2978 okalan

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – KALBYMYZYŇ ÇYRAGY